Täzeden dikeldilen Big-Ben sagady Täze ýyla golaý açylar

  • 25.11.2021 19:47
  • 4.7k+

Big-Ben sagat diňiniň siferblaty tas dört ýyl dikeldiş işlerinden soň Täze ýyl mynasybetli açylar. Bu barada Reuters agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Täze ýyldan öň, bütin dünýäde meşhur bolan sagadyň ýene-de wagty hasaplap başlandygyny görmek bolar” – diýip, dikeldiş boýunça taslamanyň ýolbaşçysy Nik Sterj aýtdy.

Birnäçe ýylyň dowamynda ýüzlerçe ussa 1859-njy ýylda bu diňiň gurlan wagtyndan bäri iň uly dikeldiş işiniň çäklerinde daş örümini täzelediler, metal gurluşlary çalyşdylar, diňi gaýtadan reňkläp, gyzyl çaýdylar. 

Dikeldiş işleri siferblatlardaky ähli aýna panelleriniň çalşylmagyny öz içine alýar. Diller, sanlar we beýleki detallar açyk gök reňke boýaldy. Sterjiň aýtmagyna görä, gurluşyk tagtalarynyň aýrylmagy 79,7 mln funt sterling (107 mln dollar) bahaly taslamany durmuşa geçirmekde “möhüm tapgyr” boldy.

Angliýaly arhitektor Ogastes Pýujiniň taslamasy boýunça beýikligi 96 metr bolan Ýelizaweta diňiniň gurluşygy 1859-njy ýylda tamamlandy. Ol wiktoriýa eýýamynyň ýadygärligi bolup, ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň obýektleriniň sanawyna girýär. Ol 2012-nji ýyla çenli Westminster köşgüniň sagat diňi diýlip atlandyryldy. Şa zenany Ýelizaweta II-niň hökümdarlygynyň 60 ýyllygy mynasybetli oňa monarhyň ady dakyldy.


düýn 23:19
1.5k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......