Asteroidiň ugruny üýtgetmek üçin synag enjamy kosmosa uçuryldy

  • 25.11.2021 09:05
  • 8.7k+

Ýeriň asteroid gorag ulgamyny synag etmek üçin ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň Wandenberg bazasyndan kosmos apparaty uçuryldy. "Dart" apparatyna asman jisimlerini öwrenmek däl-de, olaryň biriniň hereket ugruny üýtgetmek tabşyryldy. Bu barada Euronews habar berdi.

Hünärmenleriň üns merkezinde “Didimos” goşa asteroidi durýar. Zerur bolan halatynda ýerdäki adamlary uly asteroid bilen çaknyşmakdan goramaga mümkinçilik berýän manýowry hut şu asteroidde amala aşyrmak kararyna gelindi. Alymlar "Didimos"-yň özboluşly trenažýor ýaly bir zatdygyny, onuň özüniň planetamyza howp salmaýandygyny nygtaýarlar.

“Dart” apparaty ýyldyz we Gün nawigasiýasy üçin ultra-takyk gurallar, şeýle hem barlagy göni asteroidiň merkezine gönükdirmek üçin zerur kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.


12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 14:59
834

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 23:19
4.2k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

11.05.2026 15:59
1.9k+

NASA-nyň Mars synagyna gatnaşyjylar üzňelikde 200 gün geçirdiler

NASA tarapyndan guralan CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, Mars ekspedisiýasynyň şertlerini gaýtalaýan toplumyň içinde doly üzňelikde 200 günden gowrak wagt geçirdiler. Bu ylmy synag jemi......