Italiýanyň bäsdeşligi goramak boýunça agentligi (AGGM) Apple we Amazon kompaniýalaryna jemi 203 million ýewro jerime saldy. Bu barada Euronews habar berdi.
Jerime Amazon-yň Italiýadaky söwda giňişligi bolan Amazon.it-de Apple-iň önümleri satylanda bäsdeşligiň çäklendirilendigi üçin salyndy. Monopoliýa garşy häkimiýetler 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Amazon bilen Apple-iň arasynda Apple-iň we onuň eýeçiligindäki Beats-iň önümleriniň satyjylary üçin italiýan Amazon-ynda söwda etmek gadagan edilýän şertnama gol çekilendigini aýtdy.
Bellenilmegine görä, şertnamanyň şertleriniň biri italiýan Amazon-ynda Apple-iň we Beats-iň önümlerini satyp bilýän taraplaryň mukdarynyň çäkli bolmagydyr. Şeýlelik bilen, Italiýanyň monopoliýa garşy edaralarynyň pikiriçe, "satyjylara geografiki ýerleşişine görä diskriminasiýa" edildi. Italiýanyň bäsdeşligi goramak boýunça agentligi Amazon-a 68,7 million ýewro, Apple-e bolsa 134,5 million ýewro jerime saldy we ähli satyjylar üçin deň ygtyýarlylygy üpjün edip, ýüze çykarylan çäklendirmeleri aýyrmagy buýurdy.