На Мадагаскаре голодают 1,3 млн человек – ООН

  • 21.11.2021 23:02
  • 13k+

Madagaskar adasynda adatdan daşary gurakçylyk sebäpli azyndan 1,3 mln adam açlykdan ejir çekýär. Adamlar kaktuslar we çekirtgeler bilen iýmitlenýärler. Bu barada BMG-niň Madagaskar üçin ynsanperwer kömeginiň utgaşdyryjysy Issa Sanogo aýtdy. Muny Day.Az ýetirýär. 

“Men halkara jemgyýetçiligini klimat çökgünliginiň esasy kynçylygyna sezewar bolan Madagaskaryň ýaşaýjylary bilen raýdaşlyk görkezmäge, ynsanperwer betbagtçylygynyň öňüni almak üçin maliýe kömegini bermäge çagyrýaryn” – diýip, Sanogo aýtdy.

Utgaşdyryjynyň aýtmagyna görä, soňky 40 ýylda çäge tupanlary we zyýanly mör-möjekleriň çozuşy bilen utgaşan güýçli gurakçylygyň netijeleri adanyň günortadaky ýaşaýjylaryna eýýäm azyndan üç ýyl bäri öz iýmit önümlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik bermeýär.

Gurakçylygyň netijesinde 1,3 milliondan gowrak adam güýçli açlyk, şol sanda 30 müň töweregi adam jana howp salýan şertler bilen ýüzbe-ýüz boldy. 

“Aýallar, çagalar, maşgalalar bu gurakçylykdan halas galmak üçin kaktus ýa-da çekirtge iýýärler, ýarym milliondan gowrak çaga doýmazlykdan ejir çekýär. Bu hadysa klimatyň üýtgemegine sähel gatnaşýan ýurtda we sebitde bolup geçýär” – diýip, ol aýtdy.

Käbir maşgalalar “biraz wagta ýetjek az mukdarda iýmit satyn almak üçin pitä we saja çenli şahsy emläkleriniň hemmesini satmaly boldular” diýip, Sanogo aýtdy we dünýäniň bu maşgalalara kömek etmek üçin häzirden hereket etmelidigini sözüniň üstüne goşdy.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Кыргызстан впервые избран непостоянным членом Совбеза ООН

Кыргызстан впервые в своей истории избран непостоянным членом Совета Безопасности ООН на период 2027–2028 годов. Об этом сообщили в новостном портале Организации....

22.05.2026 14:19
2.1k+

В ООН спрогнозировали рост инфляции и замедление мировой экономики

ООН прогнозирует замедление роста мировой экономики в 2026 году на фоне геополитических потрясений, роста инфляции и усиления глобальной неопределенности....

30.04.2026 17:05
2.7k+

В Ашхабаде обсудили подготовку к 4-й Душанбинской конференции по водному Десятилетию действий

В столице Туркменистана состоялся брифинг, посвященный подготовке к Четвертой Международной конференции высокого уровня в рамках Международного десятилетия действий «Вода для устойчивого развития, 2018–2028......

27.04.2026 02:06
4.3k+

Постпред Туркменистана при ООН вручил Гутерришу верительные грамоты

20 апреля вновь назначенный постоянный представитель Туркменистана в ООН Вепа Хаджиев передал верительные грамоты генеральному секретарю организации Антониу Гутерришу. Об этом сообщает МИД Туркменистана....