GDA ýurtlarynda Rus diliniň ýylyny geçirmäge taýýarlyk işleri başlandy

GDA ýurtlarynda Rus diliniň ýylyny geçirmäge taýýarlyk işleri başlandy

GDA agza döwletleriň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň 2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda geçirilen mejlisinde A.S.Puşkin adyndaky rus diliniň döwlet instituty bilim babatynda Ýylyň iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň utgaşdyryjysy hökmünde bellenildi. Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň tabşyrygy boýunça Puşkin instituty tarapyndan GDA ýurtlarynda Rus dili ýylynyň bilim we ylmy çäreleriniň resmi saýty işe girizildi. Onda geljekki tematiki ýylyň wakalary barada ähli maglumatlar ýerleşdiriler. Bu barada minobrnauki.gov.ru habar berýär.

Olardan birinjisi, rus diliniň we edebiýatynyň iň ýörgünli, döwrebap we gyzykly taraplary barada açyk leksiýalaryň we ussatlyk sapaklarynyň onlaýn toplumy bolar. Leksiýalara we ussatlyk sapaklaryna islendik adam gatnaşyp biler. Çäreleriň ýaýlym tertibini we salgylanmalary Ýylyň saýtynda (http://sng2023.pushkin.institute/) görmek bolýar.

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýyl GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Rus diliniň ýyly diýlip yglan edildi. GDA ýurtlarynda Rus diliniň ýyly “Daşary ýurtlarda rus dilini goldamagyň we ösdürmegiň” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler. Tematiki ýyly geçirmek baradaky teklip sentýabr aýynda Azerbaýjandan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Belarusyň Milli taryhy muzeýinden, Halkara Delfi komitetinden we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden hünärmenleriň gatnaşmagynda Minskde garyşyk görnüşde geçirilen GDA döwletleriniň medeni hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň mejlisinde öňe sürüldi.