Türkmenistan BMG-niň bosgunlar boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

  • 20.11.2021 09:24
  • 3.6k+

19-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodder bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen bilelikdäki işlere gysgaça syn berildi, şeýle-de öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine garaldy. 

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy ugrundaky anyk hereketleri BMG BÝKM-niň 2014-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy boýunça on ýyllyk «I BELONG» global kampaniýasynyň çäklerindäki çagyryşyna doly laýyk gelýär.

Türkmen tarapy BMG BÝKM-niň wekilini 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralandyrylmagyna bagyşlanyp geçiriljek parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.


22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......