BSGG ýurtlary çilimkeşlige garşy göreşe has köp maýa goýmaga çagyrýar

  • 19.11.2021 14:41
  • 5.1k+

Dünýäde temmäkini sarp edijileriň sany 2015-nji ýyldaky 1,32 mlrd adamdan 2020-nji ýylda 1,3 mlrd adama çenli azaldy. BSGG-niň hünärmenleri 2025-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 1,27 mlrd adama çenli azalmagyna umyt bildirýärler we ýurtlary zyýanly endige garşy işjeň göreşmäge çagyrýarlar. Bu barada news.un.org belleýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň täze hasabatynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýyla çenli temmäkiniň sarp edilişini 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, otuz göterim azaltmak maksadyna 60 ýurt ýetýär. Iki ýyl mundan ozal şeýle üstünlik bilen diňe 32 ýurt öwnüp bilýärdi.
Hasabatyň awtorlary geçen ýyllarda temmäkiniň ulanylyşyna gözegçilik boýunça toplumlaýyn çäreleriň millionlarça adam ömrüni halas etmäge kömek edendigini belleýärler. 

BSGG-niň pikiriçe, gazanylan netijeler görülýän çäreleriň netijeliligini görkezýär we ýurtlara temmäki bilen göreşmegiň olaryň ahlak borjudygyny ýatladýar. Hususan-da, bu maksatlar üçin adam başyna 1,68 dollar sarp etmek teklip edilýär. Ýagny, gürrüň çilim çekmegi taşlamak isleýänler üçin mugt gyzgyn liniýalar we bu adamlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly ädimler baradadyr.
Şeýlelik bilen, hünärmenler 2030-njy ýyla çenli ýene 152 mln adamyň zyýanly endikden ýüz öwürjekdigine ynanýarlar. 
Hasabatyň maglumatlary boýunça, 2020-nji ýylda dünýä ilatynyň 22,3 göterimi temmäki ulandy – ýagny, erkekleriň, takmynan, 40%-i we aýallaryň 8%-i. 13 – 15 ýaş aralygyndaky, takmynan, 38 mln çaga – 13 mln gyz we 25 mln oglan –temmäkä baş goşdy. Köp ýurtlarda çagalara çilim satmak gadagan edilýär. BSGG çagalaryň çilim çekmek meselesini doly ýok etmegi maksat edinýär.

2020-nji ýylda çilim çekýän aýallaryň sany 231 milliona ýetdi, bular, esasanam, 55 – 64 ýaş aralygyndaky aýallardyr. Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň 18 göterimi temmäki ulanýar, bu bolsa dünýäniň beýleki sebitlerine garanyňda köpdür.
Hasabata soňky otuz ýylda ýurtlarda geçirilen pikir soraşmanyň maglumatlary girizildi. Olar dünýä ilatynyň 97 göterimini gurşap alýar. Ýöne gürrüň elektron çilimleriniň däl-de, temmäki önümleriniň ulanylyşy barada gidýär. 


28.10.2025 00:48
4.3k+

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň assosiasiýasyna kabul edildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň resmi taýdan täze agzalygyna saýlandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär...

22.10.2025 14:21
3.7k+

LEGO toplumy 1 milliondan gowrak çaga MRT-den gorkusyny ýeňmäge kömek etdi

Daniýanyň meşhur oýnawaç öndürijisi bolan LEGO kompaniýasy özüniň «LEGO MRI Scanner» atly okuw toplumy arkaly dünýä boýunça 1 milliondan gowrak çaga MRT barlagyndan öň dörän gorkularyny ýeňmäge kömek edendigini mälim etdi...

30.09.2025 18:01
2.6k+

Alymlar berk sosial baglanyşyklar biologiki taýdan garramagy haýalladýar diýip hasaplaýarlar

Amerikaly barlagçylar ömrüň dowamynda berk sosial baglanyşyklaryň biologiki taýdan haýal garramak bilen baglanyşyklydygyny anykladylar. Bu barada "Brain, Behavior & Immunity - Health” žurnalyndaky makala salgylanýan PsyPost ýazýar...

04.09.2025 11:59
4.1k+

Ýapon şäheri ýaşaýjylaryny smartfon ulanylyşyny günde iki sagat bilen çäklendirmäge çagyrdy

Ýaponiýanyň Toýoake şäheriniň häkimligi onlaýn garaşlylyga garşy göreşiň çäklerinde ýaşaýjylary smartfon ulanylyşyny günde iki sagada çenli çäklendirmäge çagyrdy. Bu barada The Guardian habar berýär. Şäher häkimi Masafumi Koki bu çäräniň fiziki we psihiki saglyk meselelerine getirip biljek, şeýle-de ukyny bozup bilýän gurluşlaryň aşa köp ulanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendigini düşündirdi...