Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynda çykyş etdi

  • 18.11.2021 20:09
  • 5.5k+

Şu gün, 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gibrid görnüşinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Ýewraziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça köptaraplaýyn meýdança hökmünde çykyş etmek bilen, bu Forum her ýyl tanymal döwlet adamlaryny, işewürlik-toparlarynyň wekillerini, dünýä belli bilermenleri, şeýle-de halkara we sebitleýin guramalarynyň agzalaryny özünde jemleýär. Şu ýyl Forum «Demirgazyk hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we gülläp ösüşiň geljegi» şygary bilen ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetilmegi ugrundaky işjeň tagallalaryny goldaýandygyny nygtady. «Bu ugurda biz Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüş maksatnamalaryny we strategiýalaryny emele getirmekde hem-de amala aşyrmakda köp meňzeşligi görýäris, munuň özi Koreýa Respublikasynyň Täze demirgazyk ykdysady syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine gönükdirilen» strategiki başlangyçlarynyň düýp mazmunyndan ybaratdyr», diýip türkmen Lideri belledi.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagalallarynyň syýasatlaşdyrylmazlygy nobatdaky forumyň derwaýys temalarynyň hatarynda boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň, BSGG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdi. «Umuman biz, ylmy köp talap edýän pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris», diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Nobatdaky Forumyň çäklerinde şeýle-de energetika, ulag, ekologiýa we sanlylaşdyrmak ulgamynda köpugurly gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegi boýunça derwaýys meselelere hem seredilip geçildi.


şu gün 19:25
65

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......