Awstriýada COVID-19-a garşy sanjym almadyklar üçin lokdaun yglan edildi

Awstriýada COVID-19-a garşy sanjym almadyklar üçin lokdaun yglan edildi

Awstriýanyň häkimiýetleri 15-nji noýabrdan başlap koronawirusa garşy sanjym almadyk raýatlar üçin lokdaun yglan etdi. Bu barada respublikanyň kansleri Aleksandr Şallenbergiň sözlerine salgylanyp, rbc.ru habar berdi.

“Biz sanjym almagyň derejesini ýokarlandyrmalydyrys. Ol häzir masgaraçylykly pes derejede" - diýip, Deutsche Welle Şallenbergiň sözlerini getirýär.

Şertli lokdaun on günlük girizildi. Oňa laýyklykda, sanjym almadyk raýatlara degerli sebäpleri bolmazdan öýden çykmak gadagan edilýär. Bu çäklendirme işe ýa-da okuwa, azyk dükanyna ýa-da lukmana görünmäge barýanlara degişli däldir. Şeýle hem ol 12 ýaşa çenli çagalara-da degişli däl diýip, Die Welt ýazýar.

Umuman alanyňda, Şallenbergiň pikiriçe, bu lokdaun ýurduň ilatynyň, takmynan, üçden bir bölegine ýa-da sanjym edilmedik 2 million töweregi raýata degişli bolar. Ýurtda polisiýa işgärleri raýatlardan sanjym alandygy baradaky resminamany görkezmegi talap eder, düzgün bozulan halatynda bolsa jerime salar.

“The Washington Post” gazetiniň habaryna görä, Awstriýa Günbatar Ýewropada sanjymlaryň derejesi boýunça iň pes görkezijä eýe bolup, onda ilatyň diňe 65%-ine doly sanjym edilendir. Şol bir wagtyň özünde, ýurt soňky günlerde her gün koronawirus bilen kesellän adamlarynyň sany boýunça rekord goýýar.