Xiaomi 12-niň anons ediljek senesi mälim edildi

  • 16.11.2021 09:26
  • 3.5k+

Birnäçe aýlap dowam eden myş-myşlardan we çaklamalardan soň, täze flagman Xiaomi-niň çykaryljak wagty mälim edildi. Bu barada Gizmochina salgylanyp, msn.com habar berdi.

Maglumat Digital Chat Station atly ynamdar insaýder tarapyndan ýaýradyldy. Ol hytaýly brendiň Xiaomi 12-nji dekabrda Qualcomm Tech Summit 2021-iň yzysüre çykarjakdygyny mälim etdi.
Çip öndürijileriň sammitiniň 30-njy noýabrdan 2-nji dekabr aralygynda meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, täze flagman smartfony indiki aýyň birinji ýarymynda anons ediler diýlip garaşylýar.
Ozal ýaýradylan maglumatlara görä, enjam SoC Snapdragon 898/895-e esaslanýan ilkinji smartfon bolar.


07.07.2025 11:34
2.3k+

Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady

Xiaomi dünýä bazarynda Günden goraýan äýnekleriň we açyk görnüşli Bluetooth-gulaklyklaryň funksiýalaryny birleşdirýän Smart Audio Glass-y satyp başlady diýip, Gizmochina habar berýär. Model ýaňy basyş we ses zolagyny emele getiriş algoritmli SLS0820 ultrases dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sesiň daşyna çykmazlygyny üpjün edýär...

03.07.2025 14:54
1.6k+

Xiaomi-niň HyperOS 3 operasion ulgamy Apple-yň Liquid Glass stilinde çykarylar

Xiaomi özüniň operasion ulgamynyň uly täzelenmesini – HyperOS 3-i taýýarlaýar. Täzelenmäniň Xiaomi 16 smartfonlar hatary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda hödürlenmegine garaşylýar. Weibo platformasyndaky Digital Chat Station atly insaýder tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, HyperOS 3-üň esasy aýratynlyklaryndan biri Liquid Glass stilindäki täze dizaýn bolar...

30.06.2025 10:53
3.7k+

Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçirilen uly tanyşdyryş dabarasynda AI Glasses atly akylly äýneklerini hödürledi. Enjamda wizual interfeýs ýok, diňe ses arkaly dolandyrylýar. Sensor panel sag tutaryň üstünde ýerleşýär...

29.06.2025 15:45
4.4k+

Xiaomi täze eplenýän Mix Flip 2 smartfonyny tanyşdyrdy

Xiaomi ikinji nesil eplenýän smartfony Mix Flip 2-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Enjam täzelenen dizaýn, Dragon Bone atly şarnir we 5165 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu şeýle batareýa ornaşdyrylan ilkinji eplenýän smartfondyr...