2022-nji ýylda klimat boýunça konferensiýa Müsürde geçiriler

  • 13.11.2021 09:35
  • 4k+

2022-nji ýylda (COP27) BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasy Müsürde, 2023-nji ýylda (COP28) BAE-de geçiriler. Bu barada COP26-nyň başlygy we Britaniýanyň Ministrler kabinetiniň agzasy Alok Şarma salgylanyp, TASS habar berýär. Muny www.belta.by ýetirýär.

“Eger garşylyk ýok bolsa, onda şeýle karar berler” – diýip, Şarma aýtdy, şondan soň häzirki konferensiýanyň maksatnamasy kabul edildi. Onda “sebit toparlarynyň arasynda rotasiýa ýörelgelerini ulanmagy dowam etdirmek bilen, COP27-ni kabul etjek ýurduň Afrika döwletini, COP28-i kabul etjek ýurduň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletini görkezmelidigi” aýdylýar.

Şondan soň Müsüriň we BAE-niň dalaşgärligi hödürlendi we deslapky meýilnamada goldanyldy. Penşenbe güni bu karar tassyklandy.
BMG-niň klimat konferensiýasy Glazgoda 31-nji oktýabrdan bäri geçirilýär we 12-nji noýabrda tamamlanar. Onuň işine tas 200 döwletiň wekiliýetleri gatnaşýar.  


10.11.2025 06:29
6.5k+

Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar...

06.11.2025 11:02
7.8k+

Patyşa Karl III Dewid Bekheme rysarlyk derejesini berdi

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekheme futbolyň we britan jemgyýetiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin rysarlyk derejesini berdi. Dabara 4-nji noýabrda Berkşir graflygyndaky Windzor galasynda geçirildi diýip, BBC mediakorporasiýasy habar berdi...

05.11.2025 10:00
6.3k+

40 ýyl mundan ozal ýitip giden möjek-möýüň görnüşi Britan adalarynda gaýtadan tapyldy

Beýik Britaniýada uzak wagt bäri ýok bolup giden görnüş hökmünde hasaplanýan kiçijik möý goraghananyň diňe gaýyk arkaly baryp bolýan çet ýerinde gaýtadan gabat gelindi. Uaýt adasynda tapylan bu görnüş mämişi aýakly Aulonia albimana diýlip atlandyrylýan möjek-möýlere degişli...

04.11.2025 18:55
7.4k+

Britaniýaly fermerler kädilerden “Garaňkylygyň şazadasynyň” portretini ýygnap, rekord goýdular

Beýik Britaniýada fermerler Hellouini şeýle bir uly gerimde bellediler welin, hatda kädilerden we kabaçoklardan Black Sabbath toparynyň lideri, sazanda Ozzi Osbornyň ägirt portretini ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi...