Bloomberg: Netflix gysga wideolary görmek funksiýasyny işe girizer

  • 11.11.2021 08:31
  • 2.6k+

Netflix platformasy programmasyna TikTok kliplerine meňzeş gysga wideolary görmäge mümkinçilik berýän çagalar üçin niýetlenen Kids Clips funksiýasyny işe girizýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, kino.rambler.ru belleýär.

Bu funksiýa akym hyzmatynyň ýörite çagalar kitaphanasyndan gysga wideolary görmäge mümkinçilik berer. Her gün täze klipleri goşmak meýilleşdirilýär. Agentligiň belleýşi ýaly, Netflix şeýle etmek bilen YouTube we TikTok programmalaryny halaýan ýaş ulanyjylaryň ünsüni çekmäge synanyşýar.

Täze funksiýa şu ýylyň başynda Netflix programmasynda peýda bolan Fast Laughs opsiýasyna esaslanýar, onuň kömegi bilen filmlerden, teleseriallardan we komikleriň çykyşlaryndan bölekleri görmek bolýar. Wideoklipleriň täze lentasy Fast Laughs-yň lentasy ýaly bolar, ýöne onda wideolar dikligine däl-de, keseligine we doly ekranda görkeziler. Şol bir wagtyň özünde, çagalar bir gezekde 20-den köp klip görüp bilmezler.

Funksiýany işläp düzüjiler platformanyň iň meşhur wideolarynyň reýtingini hem düzdüler, bu ulanyjylara gyzykly materialy tapmaga kömek eder. Funksiýa şu hepdede iOS operasion sistemasy üçin Netflix programmasynda elýeterli bolar. Ýöne ony häzirlikçe diňe iňlis dilli we ispan dilli ýurtlardan bolan ulanyjylar ulanyp biler.


şu gün 11:36
1.3k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

düýn 17:28
3.9k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....