KHBS: 2030-njy ýyla çenli alty şäher suw astyna gidip biler

KHBS: 2030-njy ýyla çenli alty şäher suw astyna gidip biler

Dünýäniň dürli ýurtlarynda azyndan alty şäher howanyň üýtgemegi sebäpli onýyllygyň dowamynda bölekleýin ýa-da doly derejede suw astyna gidip biler. Şeýle maglumatlary Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara hünärmenler toparynyň (IPCC) maglumatlary esasynda çaklamasyny karta görnüşinde düzen Climate Central guramasynyň baha bermelerine salgylanyp, “The India Times” internet neşiri berýär. Muny TASS ýetirýär.

Neşiriň belleýşi ýaly, Amsterdam deňiz derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli suw astyna gitjek ilkinjileriň biri bolup biler. Sanawda indiki orny Yrakda Şatt-el-Arap derýasynyň boýunda ýerleşen Basra şäheri eýeledi. Bu şäheri batgalyga öwrülen ýerler gurşap alýar. Täze Orleana hem (ABŞ-nyň Luiziana ştaty) bentler ulgamynyň bardygyna garamazdan, suw astyna gitmek howpy abanýar. Wenesiýa dördünji orunda ýerleşdi. Italiýanyň bu şäherinde ýeriň derejesi her ýyl 2 mm azalýar. Onuň yzyndan Wýetnamyň günortasynda ýerleşen Hoşimin şäheri gelýär. Çaklamalara görä, şäheriň gündogar etraplaryny Mekong derýasynyň ýakynlygy sebäpli suw basyp biler. Neşiriň sanawyny Hindistanyň Kalkutta şäheri jemleýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, sanaw düzülende ugur alnan esasy faktor daşky gurşawyň hapalanmagynyň häzirki traýektoriýasy boldy.