HBS: Messi ýedinji "Altyn topuna" mynasyp boldy

  • 07.11.2021 09:41
  • 19k+

«PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi “Altyn top” ýedinji gezek baýragyna mynasyp boldy diýip, Portugaliýanyň iň uly teleýaýlym we radio ýaýlymçylaryndan biri bolan RTP habar berýär. Muny sports.ru ýetirýär.

Çeşmäniň habaryna görä, ses berişligiň netijesinde futbolçynyň baýragyň eýesi bolandygy eýýäm mälim boldy we Messi eýýäm ýeňiji hökmünde “France Football” žurnalyna interwýu berdi.
Ýöne muňa garamazdan, russian.rt.com “France Futbol” žurnalynyň baş redaktory Paskal Ferreniň bu habary inkär edýändigini ýazýar.

“Ugursyz gürrüň. Beýle zady soňky 10 gün bäri göre-göre gelýäris. Baryp ýatan toslama”diýip, Actufoot Ferreniň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, Messi tomusda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Amerikanyň kubogyny aldy, geçen möwsüm bolsa ol 30 gol bilen Ispaniýanyň çempionatynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy.
“Altyn top” baýrak gowşurylyş dabarasy 29-njy noýabrda Parižde geçiriler.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......