Dana Uaýt Çimaýew-Diaz söweşini guramak isleýär

  • 06.11.2021 17:24
  • 7.5k+

UFC-iň başlygy Dana Uaýt şwesiýaly Hamzat Çimaýewiň indiki bäsdeşi barada teswir berdi. Bu barada betonmobile.ru ýazdy.

30-njy oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 267-de Çimaýew garaşylmadyk çaltlykda ýarym agyr agramda 11-nji ýerde durýan Li Jinliangy ýeňdi. Hamzat eýýäm birinji raundda demikdiriji emel bilen hytaýly garşydaşyny boýun egdirdi.

“UFC-niň ilkinji dört söweşinde onuň edenini edip bilen başga bir söweşijini görmedim. Hiç kimem gören däldir. Ine, size ýene bir hakykat - sosial media toparymyz UFC 267-de onuň gözenege girişini Instagram-da göni ýaýlymda görkezdi we bu taryhymyzda iň köp syn edilen tomaşa boldy. Naýt Diaz bilen söweşmi? Biz onuň bilen Çimaýew bilen söweşmek barada gürleşeris. Eger razy bolsa, men bu söweşe 100 göterim taýyn"-diýip, Uaýt belledi.

Naýt Diaz soňky söweşini şu ýylyň iýun aýynda geçirdi we eminleriň karary bilen Leon Eduarddan ýeňildi.


26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......