Türkmenistan Türki geňeşiň Stambuldaky sammitine gatnaşar

  • 06.11.2021 23:46
  • 4.2k+

Hökümetiň 5-nji noýabrda geçirilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugry boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle-de ýylyň ahyryna çenli meýilleşdirilen halkara çärelere, daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna, Halkara Bitaraplyk gününe görülýän taýýarlyklar barada aýdyldy.

Hususan-da, türkmen Lideri Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitini geçirmäge, şeýle-de Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda boljak Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere seretdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistan şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türki geňeşiň Stambul şäherinde geçiriljek VIII sammitiniň dowamynda resmi taýdan bu guramanyň synçysy derejesine kabul ediler. Türki geňeşde şu ýyl başlyklyk edýän ýurt hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hem golaýda türkmen Liderine ýollan hatynda guramanyň agza döwletleriň ählisiniň Türkmenistana bu düzümde synçy derejesiniň berilmegini biragyzdan goldandygyny mälim edipdi.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......