Apple iPhone-y köp çykarmak üçin iPad önümçiligini azaltdy

  • 04.11.2021 19:46
  • 4k+

Apple iPad üçin niýetlenen mikroshemalary iPhone 13 smartfonlaryny çykarmaga gönükdirmek üçin, olaryň önümçiligini azaltdy diýip, “Nikkei Asia” neşiri ýazýar. Bu ýagdaý global çip ýetmezçiliginiň kompaniýa has ýaramaz täsir edendigini görkezýär diýip, thebell.io belleýär.

iPad we iPhone modelleriniň esasy we periferiýa mikroshemalary ýaly birnäçe umumy bölekleri bar. Bu hem kompaniýa käbir ýagdaýlarda ätiýaçlyk şaýlarynyň akymyny gurluşlaryň arasynda paýlamaga mümkinçilik berýär. Neşiriň çeşmeleri soňky iki aýda iPad önümçiliginiň kompaniýanyň başlangyç meýilnamalary bilen deňeşdirilende, 50% azalandygyny habar berýärler. Kompaniýa muny planşetleriň çykarylmagy üçin niýetlenen çipleri täze iPhone modellerini öndürmekde ulanmak üçin edýär.

Neşiriň bellemegine görä, kompaniýa günbatar bazarlarynyň koronawirus pandemiýasyndan çykýandygy üçin smartfonlara bolan islegiň planşetlere garanda ýokary boljakdygyny çaklaýar, şol sebäpli iPhone 13 smartfonlarynyň çykarylmagyna aýratyn üns berýär. Kompaniýanyň girdejisiniň 66%-i Ýewropa bilen Amerikanyň paýyna düşýär. 

Uzak aralykdan işlemegiň we okamagyň ýokarlanmagy netijesinde iPad planşetlerine bolan isleg 2020-2021-nji ýyllarda güýçli boldy. Şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda 40,3 mln iPad satyldy, bu geçen ýylyň degişli döwrüne garanda 17,83% köpdür. 2020-nji ýylda global planşet üpjünçiligi 164,1 mln birlik (+13,6%) boldy.

Neşiriň ýazmagyna görä, täze iPhone smartfonlaryny çykarmak üçin iPad önümçiliginiň azaldylmagy dünýädäki alyjylaryň kompaniýanyň täze planşetlerine uzak wagtlap garaşmagyna sebäp bolar.


şu gün 14:20
1.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.9k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....