Portugaliýa bir gezeklik plastik önümleri gadagan etdi

  • 04.11.2021 19:26
  • 5.3k+

Portugaliýada bir gezeklik plastik önümleriniň satuwy bilen bagly gadaganlyk güýje girdi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

“Portugaliýada pagta taýajyklary, bezegler, naharhana enjamlary ýaly bir gezeklik plastik önümleriniň satuwyny gadagan edýän hökümet karary güýje girdi” – diýlip, materialda aýdylýar.

Şeýle-de, bu kararyň içgiler üçin stakanlaryň we iýmitler üçin gaplamalaryň sarp edilişini 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 80% we 2030-njy ýylyň ahyryna çenli 90% azaltmagy maksat edinýändigi bellenilýär.
Portugaliýanyň Daşky gurşaw ministrligi bu maksada ýetmek üçin iýmitleriň we içgileriň sarp edilişi üçin köp gezeklik konteýnerleriň hödürlenjekdigini belledi.


düýn 10:00
3.9k+

«L bilen V harpy hemmelere degişlidir!»: portugal brendi Louis Vuitton-a garşy kazyýetde ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň Licores do Vale brendi «L» we «V» harplary bolan logotipini hasaba aldyrmak meselesinde Louis Vuitton bilen bolan kazyýet dawasynda ýeňiş gazandy....

12.05.2026 14:49
3.8k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

12.05.2026 08:11
3.2k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......

08.05.2026 15:01
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......