Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýolbaşçysyna berk käýinç yglan edildi

  • 04.11.2021 07:58
  • 23k+

3-nji noýabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Ataýew Wepaly Durdymuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


şu gün 13:52
369

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

düýn 19:40
10k+

Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder

Amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky kantri rok žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Aşgabatda konsert bilen çykyş eder...

düýn 18:26
9.2k+

Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler

29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy...

28.06.2025 17:30
23k+

Garabogazköl howdanynda Türkmenistanda ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi. Ýabany tebigatda möhüm açyş hökmünde hasaba alnan bu taryhy pursat Garabogazköl howdanynda oturdylansurata alyjy duzaklara düşdi. Surata...