Warner Bros. “Dýuna” filmini 14 ugur boýunça "Oskara" hödürledi

Warner Bros. “Dýuna” filmini 14 ugur boýunça "Oskara" hödürledi

Warner Bros. kompaniýasy Amerikanyň kino akademiýasyna Deni Willnýowyň režissýorlyk eden "Dýuna" filmini 14 ugur boýunça "Oskar" baýragyna dalaşgär görkezmegi teklip etdi. Bu barada kanobu.ru habar berdi.

Filmi "Iň gowy film", "Iň gowy režissýor", "Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariýa", "Iň oňat aktýor" (Timoti Şalame), "Iň oňat ikinji plandaky aktrisa" (Rebekka Fergýuson, Şeron Dunkan-Brýuster, Zendaýa, Şarlotta Rempling), "Iň oňat ikinji plandaky aktýor" (Oskar Aýzek, Joş Brolin, Stellan Skarsgard, Deýw Batista, Stiwen Makkinli Henderson, Çan Çen, Jeýson Momoa, Hawýer Bardem), "Iň gowy operator işi", "Iň oňat montaž", "Iň oňat goýujy suratkeş", "Iň oňat grim we saç stili", "Iň gowy ses", "Iň oňat eşikler", "Iň gowy wizual effektler", "Iň gowy ses ýazgysy" we "Iň gowy saundtrek" ugurlary boýunça dalaşgärlige hödürlemek teklip edilýär.

Willnýowyň täze filmine dünýä tankytçylary tarapyndan dürli hili synlaryň berilýändigi sebäpli, "Oskaryň" uzyn we gysga sanawynda "Dýunanyň" geljeginiň nähili boljakdygy entek belli däl. "Oskar" baýraklarynyň 94-nji gowşurylyş dabarasy 2022-nji ýylyň 27-nji martynda geçiriler.