Dünýäde koronawirusa garşy 7 milliarddan gowrak sanjym edildi

Dünýäde koronawirusa garşy 7 milliarddan gowrak sanjym edildi

Dünýäde koronawirusa garşy edilen sanjymlaryň sany 7 milliarddan geçdi. Olaryň ýarysyndan gowragy Hytaýyň (2,3 mlrd), Hindistanyň (1,1 mlrd) we ABŞ-nyň (0,4 mlrd) paýyna düşýär. Muny TASS-yň häkimiýetleriň resmi beýannamalarynyň we KHBS-iň statistikalary esasyndaky hasaplamalary delillendirýär.

Şu wagta çenli adamlar COVID-19-a garşy 7,001 mlrd sanjym dozasyny aldylar. Ýeriň ýüzünde näçe adamyň doly sanjym kursuny geçendigini anyklamak heniz mümkin däl, sebäbi köp ýurtlar diňe kowide garşy tassyklanan sanjym dozalarynyň we goýberilen sanjymlaryň sany barada habar berýärler.

Şol bir wagtyň özünde dünýäde sanjym depgini peselýär – geçenki milliard sanjym 29 günüň dowamynda alyndy, täze milliarda ýetmek üçin 37 gün gerek boldy. 

BAE-de we Maltada ýaşaýjylaryň 90%-den gowragy sanjym aldy. Portugaliýa, Kuba, Çili, Islandiýa, Kamboja, Katar, Ispaniýa, Singapur, Bruneý we Günorta Koreýa ýaly ýurtlarda ilatyň 80%-den gowragy azyndan bir komponent bilen sanjym aldy.

Umuman, dünýäde raýat dolanyşygynda koronawirusa garşy ondan gowrak sanjym, şol sanda Russiýanyň “Sputnik V”, “Sputnik Laýt”, “Epiwakkorona” we “Kowiwak” sanjymlary, Pfizer amerikan konserniniň we onuň germaniýaly hyzmatdaşy BioNTech-iň, AstraZeneca britan-şwed kompaniýasynyň we Oksford uniwersitetiniň, Hytaýyň Sinovac we Sinopharm kompaniýalarynyň derman serişdeleri, Hindistanda öndürilen Covaxin, şeýle-de Moderna we Johnson & Johnson amerikan kompaniýalarynyň önümleri bar.