Hytaýda şahsy maglumatlary goramak baradaky kanun güýje girdi

Hytaýda şahsy maglumatlary goramak baradaky kanun güýje girdi

Hytaýda şahsy maglumatlary goramak baradaky kanun güýje girdi. Bu resminama bir ýyl jemgyýetçilik maslahatyndan soň Ählihytaý halk wekilleriniň ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan awgust aýynda kabul edildi diýip, TASS habar berýär.

Kanun “aýratynam, onlaýn platformalaryny ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň goragyny güýçlendirmäge gönükdirilen düzgünleri aýdyňlaşdyrýar” diýip, Sinhua agentligi belleýär. Kanuna laýyklykda, şahsy maglumatlary ýygnamak, ulanmak, gaýtadan işlemek we satmak işi “berk gözegçilikde saklanar, islendik düzgün bozmalar jezalandyrylar”.

Uly möçberli şahsy maglumatlary ulanmak bilen biznes çözgütleri kabul edilende, kompaniýalara ulanyjylar baradaky maglumatlara esaslanýan baha differensiasiýasy ýaly sarp edijileriň bähbitlerine zyýan ýetirýän diskriminasion amallar gadagan edilýär diýlip, kanunda görkezilýär. Resminama köp sanly ulanyjysy bolan onlaýn platformalaryň mundan beýläk müşderileriň şahsy maglumatlarynyň hyýanatçylykly ulanylmagyna ýol bermezlik üçin bu platformalardan peýdalanýan serwisler bilen özara gatnaşyklaryň “jikme-jik aýdyňlaşdyrylan düzgünlerine” esaslanmalydygyny kesgitleýär.