Hindistan 2022-nji ýylda dünýä ýurtlary üçin 5 milliarddan gowrak sanjym dozasyny öndürer

Hindistan 2022-nji ýylda dünýä ýurtlary üçin 5 milliarddan gowrak sanjym dozasyny öndürer

Hindistan indiki ýyl dünýä ýurtlary üçin koronawirusa garşy 5 milliarddan gowrak sanjym dozasyny öndürmegi maksat edinýär we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny (BSGG) Hindistanda öndürilen sanjymlary mümkin boldugyndan çalt ykrar etmäge çagyrýar. Bu barada premýer-ministr Narendra Modi Rimde geçirilýän G20 sammitiniň sessiýasynda eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Hindistan özüniň global borçnamalaryna hemişe jogapkärli çemeleşýär. Men şu gün G20-iň münberinden siziň ähliňize Hindistanyň indiki ýyl tutuş dünýä üçin 5 milliarddan gowrak sanjym dozasyny öndürmäge taýýarlanýandygyny aýdasym gelýär. Hindistanyň bu borçnamasy dünýäde koronawirus bilen kesellemegiň öňüni almak üçin uly ähmiýete eýe bolar. Şonuň üçin, Hindistanda öndürilen sanjymlaryň BSGG tarapyndan mümkin boldugyndan çalt ykrar edilmegi hökmandyr” – diýip, respublikanyň DIM-i öz saýtynda Modiniň sözlerini getirýär.

Premýer-ministr kuwwatly derman senagatyna eýe bolan ýurduň 150-den gowrak ýurda koronawirusa garşy göreşmek üçin derman serişdelerini iberendigini ýatlap geçdi. Şeýle-de, premýer-ministr halkara gatnawlaryny ýeňilleşdirmek we sanjym şahadatnamasyny özara ykrar etmegiň mehanizmi barada söz açdy.

Modi G20-iň “global maliýe arhitekturasyny has adalatly etmek üçin” iň uly korporasiýalara 15% möçberinde iň pes salgydyň salynmagyny goldamak baradaky kararyna kanagatlanma bildirdi.