GDA-dan bolan dalaşgärler 25-nji noýabra çenli Russiýanyň ÝOM-laryna mugt girip bilerler

GDA-dan bolan dalaşgärler 25-nji noýabra çenli Russiýanyň ÝOM-laryna mugt girip bilerler

“Rossotrudniçestwo” federal agentligi GDA-dan bolan dalaşgärler üçin ýokary okuw mekdeplerine giriş resminamalarynyň kabul edilmegini 1-nji noýabrdan 25-nji noýabra çenli uzaltdy. Bu barada e-cis.info habar berýär.

Kabul ediş kampaniýasynyň uzaldylmagy koronawirus pandemiýasy sebäpli girişdäki kynçylyklar bilen baglanyşyklydyr. Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawriat, hünärmen, magistratura, ordinatura we aspirantura programmalary boýunça mugt bilim almak üçin resminamalaryň kabul edilmegi uzaldyldy.

“Kwota almak üçin arzany onlaýn, education-in-russia.com saýtynda bermek bolar” – diýip, agentligiň başlygynyň orunbasary Pawel Şewsow habar berdi.

Ol resminamalary onlaýn tabşyrmagyň amatlydygyny, sebäbi dalaşgärlere pandemiýa we çäklendirmeler döwründe haýsydyr bir ýere gitmegiň zerur däldigini belledi. Ýöne GDA ýurtlarynyň käbir sebitlerinde internete elýeterlilik bilen bagly kynçylyklar bar, “okuwa girýänleriň ähli zady aňsatlyk bilen resmileşdirip bilmegi üçin agentligiň özi hereket edýär we arzalaryň kabul edilmegini uzaldýar” diýip, Şewsow aýtdy.

Kwota 23 müň orun bolup, olar esasan GDA ýurtlaryndan bolan ýaşlar üçin niýetlenýär.

“Rossotrudniçestwo” arzalaryň köpüsiniň Täjigistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Belarusdan we Özbegistandan bolan dalaşgärlerden gelýändigini belledi. Ýaşlar, esasan, bakalawriat programmasy boýunça mugt okamak isleýärler.