Ertir Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat-Tejen bölegi açylar

  • 28.10.2021 18:17
  • 29k+

Ertir, 29-njy oktýabrda Türkmenistanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň açylyş dabarasy bolar.

Türkmeniň owalda-ahyrda keramatly saýan zatlarynyň biri – ýol. Uzak ýola düşene ýa-da bir maksada berlip, haýyr işi ýüregine düwene ak ýol arzuw edilýär. Sözüň dogrulygyna kepil hökmünde ak ýoly orta goýup: “Ak ýolda durkam, ýalan sözläp bilmen” diýilýär. Ýol – ulus-iliň ýöreýän ýeri. Il ýörän ýol mukaddesdir.

Taryhyň jümmüşinde kerwen ýollary biziň topraklarymyzyň üstünden geçip gidipdir. Ähli ýollaryň çatrygy – biziň ülkämiz. Bu ýollar beýik-beýik medeniýetleriň döremegine getirdi. Gündogaryň ruhy-medeni galkynyşlary hem, Günbataryň maddy-medeni ösüş taryhy hem şu ýollar bilen baglanyşykly. Bu ýollar adamzadyň täze asyrynda has ter-täze röwüşe we ýene-de öňküsi ýaly uly mana eýe bolýar. Bu ýoluň ugrunda ýerleşen iller we ýurtlar birek-birege uzaýan ýollary dost-doganlyk, özara ynanyşmak, arkalaşyk ýollaryna öwürmegiň tagallasy bilen, bir ojagyň başyna, bir saçagyň daşyna ýygnanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Bu taslama häzirki wagta çenli türkmen telekeçilerine ynanylan işleriň iň irisidir we gymmatlysydyr. Ol jemi ýedi gatlakdan, ýagny toprakdan, geotekstil düşeginden, çagyl-çäge we owradylan çäge garyndylaryndan öýjükli, gyzgyn iri däneli we gyzgyn ownuk däneli asfalt örtüklerinden ybarat bolar.

Awtobanyň başlangyjy Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak aýlaw görnüşli çatrykdan başlanyp, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýanynda guruljak deň derejeli aýlawly çatrygynda  tamamlanar.

Ýoluň ugrunda utgaşdyrylan töleg terminallary, ululy-kiçili köprüleriň onlarçasy, şol sanda demir ýollardan, beýleki ýollaryň kesişýän ýerlerinden geçýän, sil akymy ugurlarynyň, Murgap we Garagum derýalarynyň üstünden köprüler gurlar. Ýoluň ugry boýunça dükan we dermanhana, motel we naharhana, ýangyç guýujy beket, ulaglaryň dürli görnüşleri üçin  duralga meýdançalary, galyberse-de, tehniki hyzmatlar üçin desgalar, ýaşyl meýdançalary gurmak göz öňünde tutulýar.  

Ýoluň ugrunda ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda wideogözegçilik ulgamlary we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjün edilen tehniki merkezleriniň birnäçesi, ýol gözegçilik gullugynyň nokatlary, awtoulaglara tehniki hyzmat nokatlary, hyzmatlar gulluklary bolar. Ýoluň iki tarapynda bellenilen ýerlerde dükanlar, myhmanhanalar we kafeler, ýapyk we açyk awtoduralgalar, ýangyç guýýan beketler, beýleki degişli binalar ýerleşer. Ýoluň ugrunda heläkçilikli ýagdaýlar üçin aragatnaşyk nokatlary oturdylar, şeýle hem sürüjiler şol wagtyň özünde howanyň ýagdaýy barada maglumat alyp bilerler. Telekeçilik ýüklerini daşaýan ulaglara gözegçilik gözegçilik ulgamlary (belenltigi ölçeýän ýörite enjamlar, ulaglaryň okuna düşýän agramy awtomatik usulda ölçeýän we ş.m. enjamlar) işlediler.

Gurluşyk işleri üç tapgyrda alnyp barylýar: Aşgabat – Tejen bölegi, Tejen – Mary aralygy, Mary – Türkmenabat bölegi gurlar.


düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......