Täjigistanyň paýtagtynda “GDA-nyň giňişliginde bezeg we amaly sungat” halkara konferensiýasy geçirilýär

Täjigistanyň paýtagtynda “GDA-nyň giňişliginde bezeg we amaly sungat” halkara konferensiýasy geçirilýär

Duşanbe şäherinde ýüzbe-ýüz we onlaýn görnüşde “GDA-nyň giňişliginde bezeg we amaly sungat” halkara konferensiýasy geçirilýär. Bu barada TMHA “Howar” Täjigistanyň Milli muzeýiniň habar berildi diýip, e-cis.info belleýär.

Onuň işine 8 ýurtdan, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan bezeg-amaly sungat muzeýleriniň 28 işgäri gatnaşýar. Konferensiýa her ýyl Arkalaşygyň döwletlerinde nobat boýunça geçirilýär. Şu ýyl Täjigistanyň nobaty geldi.

“Bezeg we amaly sungaty ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu maksatnama GDA-nyň giňişliginde muzeýleriň ösüşi üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Konferensiýa usullaryň, hünärmen bilimleriniň we amaly çözgütleriň ýaýramagyna, sergi alyş-çalşynyň ösdürilmegine goşant goşar, gözleg we bilim işlerini işjeňleşdirer” – diýlip, muzeýde bellenildi.

Täjigistan “Merkezi Aziýanyň medeniýetleriniň dowamlylygy we özara täsiri” dokladyny hödürledi. Şeýle-de, “Belarusyň bezeg-amaly sungatynyň galkynyşy we goralyp saklanyşy”, “Altyn adam ýedinji siwilizasiýanyň nyşany hökmünde”, “Bezeg-amaly sungat GDA ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde” ýaly mowzuklarda hem dokladlar hödürlener.