27-nji oktýabr: Türkmenistanda ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar

27-nji oktýabr: Türkmenistanda ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 27-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +9... +11° maýyl bolar.. Howanyň basyşy 717 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +9... +14°, kenarýaka etraplarynda +7... +12° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 765 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Awazada: howa +9... +11°, basyşy 771 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Balkanabat şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 772 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +8... +13°, günorta-gündogar etraplarynda +16° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 745 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Tejen şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 754 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 749 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Baýramaly şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 748 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +11... +16°, günorta etraplarynda +21° çenli maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 751 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Kerki şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 746 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +9... +14° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 764 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Köneürgenç şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 765 mm, çyglylygy 55 — 75%.