Google Play onlaýn dükany tutumlaryny ep-esli azaldýar

Google Play onlaýn dükany tutumlaryny ep-esli azaldýar

Ýakynda Google Play onlaýn dükany tutumlarynyň ep-esli azalýandygyny mälim etdi. Bu barada faktom.ru habar berdi.

Tutumlaryň azalmagy oýun kontentiniň we programma üpjünçiliginiň öndürijileri üçin ajaýyp habar bolup durýar, sebäbi indi onlaýn platformany ulanmak üçin 30 göterim däl-de, 10-15 göterim tölemeli bolar.

Hünärmenler Google-yň tutumlarynyň tas ähli esasy satuw bazarlarynda ýüze çykýan monopoliýa garşy basyş sebäpli azalýandygyny öňe sürýärler. Hakykatdanam, soňky wagtlar köp million dollarlyk jerimeler we agyr jezalandyrmalar hakyndaky habarlara ýygy-ýygydan duş gelinýär.

Google-yň esasy elektron söwda bäsdeşi hem şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şonuň üçin hem kim iň oňat şertleri hödürläp bilse, üstünlik şonuň tarapynda bolar diýip, çeşme belleýär.