Berdimuhamedow we Tokaýew giňişleýin düzümde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler

  • 25.10.2021 19:21
  • 8.7k+

Şu gün, 25-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Gazagystan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr.

 

Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, Gazagystan Türkmenistana umumy bahasy 130  million dollardan gowrak barabarlykda 60 haryt nyşany boýunça önümleriň birnäçe görnüşleriniň iberilmegini artdyrmaga taýýar. 

Iki döwletiň Baştutanlary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, türkmen-gazak gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......