«Barselona» bassyr dördünji gezek El-Klasikoda «Realdan» ýeňildi

  • 25.10.2021 08:38
  • 11k+

Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyr duşuşygynda Madridiň «Realy» «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşyk Barselonadaky «Kamp Nou» stadionynda geçirildi.

«Realyň» düzüminde Dawid Alaba (32-nji minut) we Lukas Waskes (90+4) tapawutlandy. «Barselonadan» Serhio Aguero (90+7) gol geçirdi. Horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç madrid klubunyň düzüminde 400-nji duşuşygyny geçirdi. Alaba we Aguero bolsa klublary üçin ilkinji gollaryny geçirdi.

«Real» bassyr dördünji gezek «Barselonadan» üstün çykýar. Soňky gezek «Barselona» «Realy» 2019-njy ýylyň 3-nji martynda ýeňmegi başarypdy (1:0). Ýekşenbe güni geçirilen El-klasiko bu klublaryň taryhynda 247-nji duşuşyk boldy. Şolaryň 99-synda «Real», 96-synda «Barselona» ýeňiş gazandy. Galan duşuşyklar deňme-deňlikde tamamlandy.

Gazanan üstünligi netijesinde «Real» çempionatyň jedwelinde 9 oýunda 20 utuk toplap, birinji orna geçdi. «Barselona» 10 oýunda 15 utuk bilen sekizinji ýerde ýerleşdi. Indiki duşuşykda «Real» 27-nji oktýabrda öz meýdançasynda «Osasunany» kabul eder, «Barselona» bolsa myhmançylykda «Raýo Walýekano» bilen duşuşar.


şu gün 13:41
2.4k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
2.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......