Norwegiýada suratkeş Munkyň täze muzeýi açyldy

  • 24.10.2021 16:05
  • 3.8k+

Norwegiýaly suratkeş Edward Munkyň täze muzeýi Býorwika sebitindäki Oslonyň merkezinde açyldy. Bu barada Norwegiýanyň telegraf býurosy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Şu gün biz Munkyň täze durmuşynyň başlanmagyny baýram edip belleýäris” – diýip, Norwegiýanyň patyşasy Harald V dabarada eden çykyşynda aýtdy.

Täze muzeýiň sergi otaglary öňküsinden 5 esse uly bolup, 13 gaty eýeleýär. Binada dükan, kafe we kitaphana hem bar. Muzeýde, takmynan, 42 müň eksponat ýerleşdiriler.

Edward Munk 1863-nji ýylyň 12-nji dekabrynda harby lukmanyň maşgalasynda dünýä inýär. Munk bäş ýaşyndaka, ejesi inçekeselden ýogalýar. Soňra şol kesel sebäpli uly aýal dogany hem aradan çykýar. Bu suratkeşiň ykbalyna we döredijiligine pajygaly yzy goýýar.

Munk XX asyrda sungatyň ösüşine uly täsir etdi. Ol ekspressionizmiň ilkinji wekilleriniň biridir. Onuň meşhur “Skrik” (“Gykylyk”) kartinasy bu ugruň möhüm nyşanyna öwrüldi. Munk “Madonna”, “Durmuş tansy”, “Posa”, “Kül”, “Howsala” ýaly meşhur kartinalaryň we suratkeşiň ýuwaş-ýuwaşdan garraýan prosesini görkezýän köp sanly awtoportretleriň awtorydyr. Suratkeş 1944-nji ýylda 80 ýaşynda ýogalýar. Ol ähli işlerini şähere tabşyrmagy wesýet edýär. Bu ýygyndy hem 1963-nji ýylda açylan Oslodaky Munk muzeýiniň binýadyna öwrülýär.


25.03.2026 13:06
9.8k+

Holand Norwegiýanyň iň gymmat kitabyny satyn alyp, ony dogduk mekanyna sowgat berdi

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand öz ýurdunyň taryhyndaky iň gymmat kitap neşirini satyn aldy we ony dogduk mekany bolan Time munisipalitetine gowşurdy. Bu barada NRK we «Stavanger Aftenblad» neşirleri habar berýär...

22.03.2026 16:24
8.7k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

19.01.2026 14:57
4.7k+

Norwegiýada nepis nagyşly we gök daşly orta asyr ýüzügi tapyldy

Norwegiýanyň Týonsberg şäherinde arheologlar 800 ýyldan gowrak taryhy bolan altyn ýüzügi tapdylar. Inçe filigran nagyşly we gök öwüsýän daşly bu şaý-sep, asyrlar boýy toprak astynda ýatandygyna garamazdan, asla zaýalanman diýen ýaly saklanypdyr...

19.11.2025 23:03
3k+

Norwegiýa dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyna dalaş etmek boýunça öňdebaryjy boldy

Norwegiýanyň “Duýgy gymmatlygy” dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragy üçin iň köp dalaşgär görkezilen film boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Ýoakim Trieriň (“Dünýäde iň ýaramaz adam”) filmi “iň gowy ýewropa filmi”, “režissýor”, “ssenariçi”, şeýle-de “aktýor” (Stellan Skarsgard) we “aktrisa” (Renate Reinswe) kategoriýalarynda baýrak üçin göreşer...