Özbegistanda azyk harytlarynyň bahasy 14,4% ýokarlandy

Özbegistanda azyk harytlarynyň bahasy 14,4% ýokarlandy

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň jemi boýunça Özbegistanda ýyllyk inflýasiýa 10,8% boldy, bu esasy ssenariýadaky çaklamadan sähelçe ýokarydyr. Mundan başga-da, azyk harytlarynyň bahalary ýyllyk aňlatmasynda 14,4%, energiýa önümleriniňki 23,2% ýokarlandy diýip, Merkezi Bankyň metbugat gullugy habar berýär. Muny kun.uz saýtyna salgylanyp, Trend ýetirýär.

“Şu ýyl umumy inflýasiýanyň depginini kesgitleýän esasy draýwer azyk harytlarynyň bahalarynyň üýtgemegi boldy we ýyllyk inflýasiýa 6,1 göterim nokady ýokarlandy. Azyk däl harytlar we hyzmatlar toparlarynda bahalaryň ýyllyk ösüşi sentýabr aýynda, degişlilikde, 7,7% we 8,8% boldy, bu hem umumy inflýasiýanyň haýallamagyna goşant goşdy” – diýlip, kadalaşdyryjy edarada bellendi.

Monetariýa şertlerine duýgur bolan esasy inflýasiýanyň derejesi iýun aýyndan bäri inflýasiýanyň umumy derejesinden aşakda bolup, 9,2%-e ýetdi, netijede ýylyň başyndan bäri 3 göterim nokady peseldi.

Ilatyň geljek 12 aýda inflýasiýa garaşmalary sentýabr aýynda 15,8%-e çenli, telekeçilik subýektleriniňki 14,7%-e çenli peseldi. Şeýle-de bolsa, köp ýurtlarda bolşy ýaly, olar inflýasiýanyň umumy derejesinden ýokarda saklanýarlar.  

“Bu ilkinji nobatda, azyk harytlarynyň we energiýa çeşmeleriniň bahalarynyň ýokary ösüş depgini bilen baglanyşyklydyr. Sentýabr aýynyň jemi boýunça, azyk harytlarynyň bahasy ýyllyk aňlatmasynda 14,4%, energiýa önümleriniň bahasy 23,2% ýokarlandy. Harytlaryň bu toparlarynda bahalaryň ösüşi umumy inflýasiýanyň peselmegine ýaramaz täsir edýän esasy şertdir” – diýlip, jemlemede aýdylýar.