Özbegistanda prezident saýlawlarynda ses berlişik başlandy

  • 24.10.2021 10:03
  • 16k+

Özbegistanda şu gün ýerli wagt bilen 8:00-da saýlaw uçastoklary açylyp, prezident saýlawlarynda ses berlişik başlandy.

Prezident wezipesine bäş sany syýasy partiýanyň wekilleri dalaşgärlik edýär. Dalaşgärleriň içinde Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wekili, ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem bar.
Saýlaw Kodeksine laýyklykda, saýlaw uçastoklary 20:00-a çenli hereket eder.
Uzreport agentliginiň habar bermegine görä, saýlawçylaryň 33%-den gowragy ses bermeklige gatnaşan ýagdaýynda saýlawlar geçirilen diýlip yglan ediler.

Saýlawlara gözegçilik etmek üçin Merkezi saýlaw topary tarapyndan 960-dan gowrak halkara synçylar ygtyýarlandyryldy. Şolardan 620-den gowragy halkara guramalarynyň, 340-sy daşary ýurtlaryň wekilleri. Mundan başga-da, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň 1600-den gowrak wekili ygtyýarlandyryldy.

Prezident saýlawlaryny geçirmek üçin 10 sany okrug we 10 760 sany saýlaw uçastoklary döredildi. 37 döwletde Ilçihanalarda we konsullyk edaralarynda 54 sany saýlaw uçastoklary döredildi, şeýle hem Özbegistanyň diplomatik wekilhanalary bolmadyk 11 sany döwletiniň 128 şäherinde 316 sany goşmaça ykjam saýlaw uçastoklary döredildi.


düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 15:17
3.6k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......