Xiaomi 2024-nji ýylda hususy elektromobilleriniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlar

  • 21.10.2021 18:22
  • 5.4k+

Xiaomi hytaý kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda elektromobilleri tapgyrlaýyn öndürip başlamagy göz öňünde tutýar. “Penpaý” habarlar çeşmesiniň bellemegine görä, bu barada kompaniýanyň müdirler geňeşiniň başlygy Leý Szýun maýa goýujylar bilen duşuşykda aýtdy. Muny www.finanz.ru ýetirýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu taslama boýunça taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Leý Szýun elektromobilleriň önümçiliginiň akylly öýleri we ofisleri dolandyrmak üçin kompaniýanyň tehnologiýalarynyň ulanylmagyny öz içine alýan bar bolan ekoulgamyň üstüni ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Maýa goýujylar Xiaomi elektromobilleriniň öndürilip başlanjak senesine oňyn garadylar. Leý Szýunyň bildirişinden soň, sişenbe güni kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy Gonkongyň fond biržasynda 5%-den gowrak ýokarlandy. Söwdanyň ahyryna çenli Xiaomi-niň bir gymmat kagyzy 22,5 Gonkong dollaryna barabar boldy (takmynan, 2,9 ABŞ dollary).

Sentýabr aýynda Xiaomi elektromobilleri öndürmek bilen meşgullanjak golçur kärhanasyny hasaba almagy tamamlady. “Sýaomi siçe” kompaniýasynyň düzgünnama maýasy 10 mlrd ýuan (1,5 mlrd dollar töweregi) boldy. Geljek 10 ýylda Xiaomi elektromobilleriň önümçiligi üçin maýa goýumlary 10 mlrd dollara ýetirmegi meýilleşdirýär.

Xiaomi täze kompaniýa üçin eýýäm 300 hünärmeni saýlady we ýokary hünärli işgärleri gözlemegini dowam etdirýär. Iýul aýynyň ahyrynda Xiaomi hususy sürüjisiz awtomobilleri sürmek tehnologiýasyny işläp düzmek üçin gurluşyň döredilendigini hem habar berdi.


düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......