Hünärmenler howanyň hili boýunça dünýäniň iň hapa şäherlerini belli etdiler

Hünärmenler howanyň hili boýunça dünýäniň iň hapa şäherlerini belli etdiler

Belgrad howanyň hil görkezijisi boýunça dünýäniň iň hapa şäheri boldy we reýtingiň birinji setirini Lahor hem-de Karaçi (Pakistan) şäherleri bilen paýlaşdy. Bu barada iqair.com portaly habar berdi diýip, TASS belleýär.

Portalyň maglumatlary boýunça, Belgrad, Karaçi we Lahor 154 birlik howanyň hil görkezijisi bilen “gyzyl” zonada ýerleşýär. Şeýle-de, ilkinji onluga ýene iki Balkan şäheri – Zagreb (109) bilen Saraýewo (96) girdi.

Dünýäde kabul edilen ülňülere görä, 151-den 200-e çenli hapalanma görkezijisi islendik adamyň saglygy üçin zyýanly we howply hasaplanýar, şeýle ýagdaýda aýratyn duýgur adamlar has çynlakaý meseleleri başdan geçirip bilýärler.

Hünärmenleriň pikiriçe, Serbiýada ekologiýa meseleleriniň esasy sebäbi klimat we antropogen şertleridir. Gyş möwsüminde sebitde ygalyň mukdary ep-esli azalýar, bu hemişelik gar örtügi bolmadyk ýagdaýynda howanyň ýokary derejede hapalanmagyna sebäp bolýar. Dag relýefi bolsa şäherleriň üstünde zyýanly maddalaryň ýygnanmagyna kömek edýär.

Beýleki bir tarapdan, Serbiýanyň uly şäherlerinde köne ulaglar köp. Mysal üçin, Belgradda awtoulaglaryň ortaça ýaşy 17 ýyl. Ýurduň ýene bir meselesi kömür ýakmak arkaly elektrik togunyň alynmagydyr, Serbiýanyň ýylylyk elektrik merkezlerinde häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän süzgüçler ýok. Mundan başga-da, Serbiýanyň şäherlerinde hususy sektorlaryň köpüsi kömür we odun bilen gyzdyrylýar, bu hem gyşyň gelmegi bilen güýçli tüsselenmä sebäp bolýar.