Dünýädäki ilkinji agaç hemrasynyň uçurylyşy yza süýşürildi

Dünýädäki ilkinji agaç hemrasynyň uçurylyşy yza süýşürildi

Dünýädäki ilkinji agaç hemrasy WISA Woodsat-yň Ýeriň orbitasyna uçurylyşy agajy gaýtadan işleýän UPM kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň ahyryndan 2022-nji ýylyň birinji ýarymyna süýşürildi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär diýip, rossaprimavera.ru belleýär.

Möhletiň yza süýşürilmegi Halkara radiosöýüjiler birleşiginden (IARU) ygtyýarnama almak meselesi bilen baglanyşykly boldy. 

“IARU hemranyň esasy missiýasynyň radiosöýüjileriň işi bilen baglanyşykly bolmandygy sebäpli, kompaniýanyň hemra bilen aragatnaşyk saklamak üçin höwesjeň radio ýygylyklaryny ulanmak baradaky arzasyny ret etdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, hemrany dörediji Arctic Astronautics, şeýle-de raketa göterijisini öndüriji Rocket Lab “uçuş wagtynyň mümkin boldugyndan çalt bolmagyny üpjün etmek üçin” çäreleri görer.

Ýatlap geçsek, agramy bir kilograma barabar bolan WISA Woodsat nanohemra bolup, onuň kosmosdaky hereketine iki kamera bilen gözegçilik ediler. 9 sany gün batareýasy bolsa enjamy energiýa bilen üpjün eder. Ony Täze Zelandiýadan uçurmak meýilleşdirilýär.