Günorta Koreýa sanjym pasportlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Günorta Koreýa sanjym pasportlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Koreýa Respublikasynyň hökümeti ýurtda adaty gündelik durmuşyna dolanmak üçin möhüm ädimleriň biri boljak sanjym pasportlaryny girizmegi göz öňünde tutýar. Bu barada premýer-ministr Kim Bu Gýom pandemiýadan soňky döwre geçiş meseleleri boýunça komitetiň birinji mejlisinde aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Koronawirus esassyz gorky döretmeýär, indi bu gözegçilik astyna alyp boljak ýokanç keseldir. Şunuň bilen baglylykda, adaty durmuşa gaýdyp gelmek üçin taýýarlyk görüp başlamaly” – diýip, hökümet ýolbaşçysy aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, indi häkimiýetler “sanjym pasportlaryny girizmek, garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda lukmançylyk jogap beriş ulgamyny güýçlendirmek ýaly çäreleri gözden geçirmeli”.

Sanjym pasportlaryny girizmegiň düýp manysy doly sanjym alan adamlara dürli ýeňillikleri bermekden, hususan-da köpçülikleýin çärelere, dürli jemgyýetçilik edaralaryna, döwlet edaralaryna we ş.m çäksiz barmaga mümkinçilik bermekden ybarat.

Şol bir wagtyň özünde Kim Bu Gýom häzirki ýagdaýyň heniz örtük düzgüniniň ýatyrylmagy barada gürrüň etmäge mümkinçilik bermeýändigini aýtdy. “Gürrüň, ilkinji nobatda, adamlaryň adaty gündelik durmuşy bilen karantin çäreleriniň arasynda deňagramlylygy gazanmak baradadyr” – diýip, premýer-ministr belledi. 

Häzirki wagta çenli Günorta Koreýada doly sanjym alan raýatlaryň sany 30 milliona ýa-da ýurduň ilatynyň 59,6%-ine ýetdi. Häkimiýetler şu aýyň ahyryna çenli 70% derejä ýetmek üçin, geljek on günüň dowamynda sanjym depginini ýokarlandyrmaga synanyşýarlar.