Instagram ulanyjylary näsazlyklar barada habardar etmek üçin täze funksiýany synagdan geçirýär

  • 15.10.2021 08:29
  • 6.3k+

Instagram sosial ulgamy ulanyjylaryna gönüden-göni programmanyň içinde tehniki näsazlyklar barada habar berer. Bu barada sosial ulgamyň metbugat gullugy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Biz bökdençlikler ýa-da tehniki näsazlyklar ýüze çykanda, şeýle-de olar düzedilende sizi işjeňlik lentasynda habardar etjek täze funksiýany synagdan geçirýäris” – diýlip, habarda aýdylýar. Ýöne sosial ulgam diňe köp sanly ulanyjylar üçin aýdyň bolan uly göwrümli meseleler ýüze çykan ýagdaýynda duýduryş iberer. Bu täze funksiýanyň synag işleri birnäçe aý dowam eder diýlip çaklanylýar. 

Mundan başga-da, kompaniýa ulanyjylara olar tarapyndan ýerleşdirilen mazmunyň sosial ulgamyň düzgünlerine garşy gelip biljekdigi barada duýduryş girizmek isleýär. Munuň üçin programmada täze “akkauntyň ýagdaýy” atly goşmaça sahypa peýda bolar. 

Bir hepde mundan öň Facebook kompaniýasynyň beýleki serwisleri ýaly Instagram hem iş taryhynyň dowamynda iň uly tehniki näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Facebook we Instagram sosial ulgamy, şeýle-de WhatsApp messenjeri alty sagatdan gowrak wagt elýeterli bolmady. Näsazlyk täzelenme gurnalanda Facebook kompaniýasynyň inženerleriniň içerki ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykdy, netijede maglumatlar bazasyna el bilen üýtgeşme girizmeli boldy.


10.04.2024 22:47
2.6k+

Meta emeli aň bilen döredilen mazmunlara bellik goýar

Maý aýyndan başlap Meta amerikan korporasiýasy emeli aň tarapyndan döredilen mazmun üçin ýörite bellik girizýär. Emeli aň mazmunyna bellik kompaniýa degişli Facebook, Threads we Instagram programmalarynda goýlar...

düýn 13:17
1.5k+

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyplydygyny görkezdi

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyply bolup çykdy. Ol «Kerbal Space Program Differential Games» atly simulýasiýadaky uçuş bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Bu barada «Live Science» neşiri habar berýär. Bäsleşik ilkinji gezek 2023-nji ýylda Massaçusets tehnologiýa institutynyň başlangyjy bilen geçirilip başlandy...

düýn 10:53
2.6k+

Astronomlar ilkinji gezek goşa supernowa partlamasynyň «barmak yzyny» surata aldylar

Çilidäki Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) Örän uly teleskobyndan (VLT) peýdalanan astronomlar «Ia» görnüşli ýaş supernowa galyndysy bolan SNR 0509-67.5-iň suratyny aldylar. Onuň ýaşynyň 300-350 ýyl aralygyndadygy çaklanýar...

06.07.2025 15:46
9k+

ABŞ-da mallary goramak üçin milliardlarça tohumsyz siňekler köpeldiler

ABŞ-nyň hökümeti Tehasda we Meksikada et senagatyny Amerikanyň tropik et siňeginiň (Cochliomyia hominivorax) zabun liçinkalaryndan halas etmek üçin uly taslamany durmuşa geçirip başlady. Bu siňekler mallaryň ýarasynda ýumurtga taşlaýarlar, bu bolsa iri şahly mallaryň kesellemegine we  ölmegine sebäp bolup bilýär...