Geljek hepdäniň howa maglumaty: Türkmenistanda ortaça +23 gradus bolar

Geljek hepdäniň howa maglumaty: Türkmenistanda ortaça +23 gradus bolar

Gidrometeorologlaryň çaklamalaryna görä, geljek hepdede Türkmenistanda howanyň ortaça maksimal derejesi +23 gradus bolar. Iň yssy howa Balkan welaýatynda, iň sowuk howa bolsa Daşoguz welaýatynda bolar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni +20 gradus bolar. Howanyň temperaturasy yzygiderli ýokarlanyp, sişenbe güni +21-den penşenbe güni +26 gradusa çenli barar. Anna we şenbe günleri +25 gradus bolup, ýekşenbe güni +27 gradusa çenli gyzyp biler.

Balkan welaýatynda duşenbe güni maksimal temperatura +20 gradus bolar. Sişenbe güni +22 gradus bolup, çarşenbeden anna gününe çenli +25 gradusa barar. Dynç günleri +27 — +29 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda duşenbeden çarşenbe gününe çenli gündizki maksimal temperatura +19 gradus bolar. Penşenbeden şenbä çenli +22 gradusa çenli maýlar. Ýekşenbe güni +23 gradus bolar.

Mary welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri gündizki temperatura +20 gradus bolar. Çarşenbede +23, penşenbe we anna günleri bolsa +25 gradus bolar. Şenbe we ýekşenbe günleri howanyň temperaturasy +24 — +26 gradus bolar.

Lebap welaýatynda duşenbede howanyň derejesi +18 gradus bolar. Sişenbe we çarşenbe günleri howanyň temperaturasy +21-e çenli barar. Penşenbeden hepdäniň ahyryna çenli gündizki maksimal temperatura +23 gradus bolar.