Apple Watch Series 7 akylly sagatlary 15-nji oktýabrda resmi taýdan satylyp başlar

  • 10.10.2021 16:43
  • 3.7k+

14-nji sentýabrda “Apple” kompaniýasy uly tanyşdyryş dabarasynda täze “iPhone 13” bilen birlikde “Apple Watch Series 7” akylly sagatlaryny hem tanyşdyrypdy. Indi bolsa kompaniýa bu akylly sagatlaryň satuwa çykjak wagtyny mälim etdi. Bu barada Apple-iň resmi web sahypasyna salgylanyp, superplanshet.ru habar berdi.

“Apple”-iň wekilleri 15-nji oktýabrda “akylly” “Apple” sagatlarynyň 50 ýurtdaky dükanlara çykjakdygyny tassykladylar. Bu ýurtlaryň sanawynda ABŞ, Awstraliýa, Angliýa, Kanada, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Hindistan, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Meksika we Russiýa hem bar. Öňünden sargytlar 8-nji oktýabrda kabul edilip başlanýar diýip, kompaniýanyň resmi web sahypasy belleýär.  ABŞ-niň bazarynda bu gadjet 399 dollar başlangyç bahadan hödürlener.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....