Indoneziýada plastik galyndylardan täsin muzeý döredildi

  • 07.10.2021 12:34
  • 13k+

Ýakynda Indoneziýanyň Gresik şäherinde plastik galyndylardan döredilen täze üýtgeşik muzeý açyldy. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp, TJ neşiri habar berdi.

Täsin muzeýde suw howdanlarynda we kenarýakalarda ýygnanan 10 müň plastik çüýşe, plastik turbalar, plastik torbalar görkezilýär. Bu ýerde esasy eksponat ýawanlarda gülläp-ösüşiň hudaýy hasaplanýan Dewi Şriniň şekili bolup, onuň köýnegi plastik gaplardan ýasalypdyr. Bu sergini taýýarlamak üçin üç aý gerek boldy diýip, çeşme habar berýär.

Bu sergini guran we döreden aktiwistler ummanlarda üýşýän plastik hapalara adamlaryň ünsüni şeýdip çekip boljakdygyna ynanýarlar. Bir gezek ulanylýan plastmassany gaýtadan işlemek juda kyn we ol suw desgalaryny erbet hapalaýar, şonuň üçin hem jemgyýetçilik işgärleri bu ýagdaýdan basymrak baş alyp çykmaly diýip hasaplaýarlar.


18.04.2026 12:04
1.8k+

Biosensor guşlar ummanda simabyň paýlanyşynyň detallaýyn kartasyny döretmäge kömek etdiler

Ekologlaryň halkara topary 11 müňden gowrak deňiz guşunyň gan maglumatlaryny öwrenmegiň esasynda dünýä ummanlarynda zäherli simap birleşmeleriniň ýaýramagynyň detallaýyn kartasyny düzdi. Bu barada Nagoýa......

14.04.2026 16:09
5.2k+

Amyderýa goraghanasynda ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda işjeň ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy. Çäre ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmaga we tebigata aýawly çemeleşmek ukyplaryny kemala getirmäge gönükdirildi diýip,......

02.04.2026 15:00
6k+

Ýeriň ilaty 2070-nji ýyllaryň ahyryna çenli 12,4 milliard adama ýeter

2070-nji ýyllaryň ahyryna çenli Ýer şarynyň ilaty häzirki 8,3 milliarddan 12,4 milliard adama çenli ýetip biler. Bu barada Flinders uniwersitetiniň geçiren ylmy gözleglerine salgylanyp, «Daily Mail» neşiri......

28.03.2026 15:20
17k+

Şu gün Ýer bir sagatlyk tümlüge bürener

Şu gün, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda bütin dünýäde millionlarça adamlar, müňlerçe şäherler we ýüzlerçe meşhur binalar taryhda iň köpçülikleýin ekologiýa aksiýasyna goşular. Olar planetamyzyň geljegi baradaky......