Beýik Britaniýada gadymy äpet begemotlaryň galyndylaryny tapyldy

  • 07.10.2021 12:25
  • 4.9k+

Somerset graflygyndaky Westberi atly britan gowagynda gadymy haýwanyň daşa dönen galyndylary tapyldy. Lesteriň we Londonyň Korollyk uniwersitetleriniň gözlegçileri olary öwrenip, ullakan begemota degişlidigine göz ýetirdiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Bu galyndy ýitip, ýok bolup giden gadymy Hippopotamus antiquus gippopotamynyň dişi bolup durýar. Onuň agramynyň, çen bilen, üç tonna golaýdygy, häzirki zaman erkek begemotlarynyň agramynyň bolsa iki tonna töweregidigi aýdylýar. Şeýle hem gadymy begemotlaryň suwa has garaşly bolandygy anyklanyldy.

Gadymy begemotyň bu dişiniň ýaşy, takmynan, bir million ýyl diýlip kesgitlenildi. Gözlegçiler bu görnüşli begemotlaryň 1,1 million ýyldan bir million ýyla çenli ozal häzirki Angliýada ýaşandygyna ynanýarlar.


düýn 16:09
1.4k+

GPT-5.2 Tokio we Kioto uniwersitetleriniň giriş synaglaryny adamlardan has gowy tabşyrdy

GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi....

düýn 12:18
4.8k+

ABŞ-ly genetikler derman öndürmek üçin towuk ýumurtgalaryny «programmirlemegi» öwrendiler

Missuri uniwersitetiniň alymlary towuk ýumurtgalarynyň lukmançylyk zerurlyklary üçin dermanlyk beloklaryny durnukly öndürmegine mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler....

29.04.2026 20:39
8.5k+

Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan......

28.04.2026 23:08
2.8k+

Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler....