IATA 2022-nji ýylda awiakompaniýalaryň ýitgileriniň ep-esli azaljakdygyny çaklaýar

IATA 2022-nji ýylda awiakompaniýalaryň ýitgileriniň ep-esli azaljakdygyny çaklaýar

Halkara Howa Ulaglary Assosiasiýasy (IATA) 2022-nji ýylda dünýä awiakompaniýalarynyň ýitgileriniň 2021-nji ýyldaky netijeler bilen deňeşdirilende, 4,5 esse, ýagny 11,6 mlrd dollara çenli azaljakdygyny çaklaýar. Bu barada interfax.ru habar berýär. 

Şol bir wagtyň özünde, IATA 2021-nji ýyl üçin pudagyň ýitgisi bilen bagly çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy (aprel aýyndaky çaklama 47,7 mlrd dollardan 51,8 mlrd dollara çenli üýtgedildi). Mundan başga-da, 2020-nji ýyl üçin ýitgileriň hasaby hem gaýtadan gözden geçirilip, aprel aýynda çaklanylan 126,4 mlrd dollardan 137,7 mlrd dollara çenli artdyryldy. 

2021-nji ýylda ýolagçylaryň umumy sanynyň 2,3 mlrd adama ýetmegine garaşylýar (aprel aýynda IATA 2,4 mlrd bolar diýip çaklady), 2022-nji ýylda bolsa bu görkeziji 3,4 milliarda çenli artyp, 2014-nji ýyldaky derejesine deň geler, ýöne bu 2019-njy ýylda gatnadylan 4,5 mlrd ýolagçydan ep-esli azdyr.

Şeýle-de, IATA ýük awiagatnawlary üçin durnukly islegiň dowam etmegine garaşýar.  

“Biz çökgünligiň iň çuň nokadyny eýýäm geçdik. Düýpli meseleleriň henizem bardygyna garamazdan, dikeldişe tarap ýol barha aýdyňlaşýar” – diýip, IATA-nyň baş müdiri Willi Uolş belleýär.