27 — 29-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahat geçiriler

27 — 29-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahat geçiriler

27 — 29-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly halkara maslahat geçiriler. Şu we beýleki medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyklar barada Hökümetiň 1-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Wise-premýer şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň gazananlaryny wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan wezipeleri ilerletmek maksady bilen, dürli medeni çäreleri, döredijilik duşuşyklaryny, onlaýn maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler we maslahatlar barada hasabat berdi. Halkara ähmiýetli çäreleri ugurdaş düzümler bilen degişli derejede guramak maksady bilen, medeni maksatnamany taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýlelikde, şu ýylyň 27 — 29-njy oktýabry aralygynda Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.