Mejlisde köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermek boýunça kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar

Mejlisde köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermek boýunça kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde döredilen iş toparlary köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça degişli işleri amala aşyrýarlar. Bu barada 1-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde türkmen Liderine hasabat berildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň belleýşi ýaly, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär, hususan-da, ol Mejlisde döredilen iş toparlarynyň köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrýan işleri barada aýdyp geçdi.

Şeýle-de birnäçe kanunçylyk namalarynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlaryň ýerine ýetirilişi seljerilýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalar giriziler.

Bu çözgütleriň maksadalaýyk boljakdygy barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.