Netflix «Jadygöý» filminiň üçünji möwsümini surata düşürer

  • 28.09.2021 07:17
  • 2.7k+

Netflix “Jadygöý” (“Ведьмак”) serialynyň üçünji möwsümini surata düşürer. Bu barada serialyň Twitterdäki resmi saýtynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.

“Biz ikinji çeper anime-film we wakalary Jadygöýüň dünýäsinde bolup geçýän “Çagalar we maşgala” atly täze bölüm bilen bilelikde Jadygöýüň üçünji möwsümini hem resmi taýdan yglan edip bilýäris” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ýöne onuň senesi barada jikme-jik maglumatlar heniz ýok. “Jadygöýüň” ikinji möwsüminiň surata düşürilişi aprel aýynda tamamlandy. Iýul aýynda Netflix “Jadygöý” boýunça alty seriýaly filmi surata düşürjekdigini aýtdy.

Polşaly ýazyjy Anjeý Sapkowskiniň kitaplary boýunça düşürilen “Jadygöý” teleserialynyň birinji möwsümi 2019-njy ýylyň dekabrynda çykdy. Täze “Jadygöýüň” surata düşürilişi koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi. Ikinji möwsümiň premýerasy 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda bolar.

“Jadygöý” serialynyň öňki möwsümlerinde baş keşplerde Genri Kawill (Geraltyň keşbinde), Anýa Çalotra (Geraltyň söýgülisi jadygöý Ýennifer) we Freýýa Allan (Sinta şalygynyň Siri atly mirasdüşeri) çykyş etdi. 


18.11.2021 16:13
3.3k+

Netflix iň meşhur filmleriň we seriallaryň sanawy bilen ýörite saýt döretdi

Netflix akym hyzmaty top10.netflix.com saýtyny işe girizdi. Onda Netflix platformasynda öň ýerleşdirilen iň meşhur filmleriň we seriallaryň sanawy neşir edildi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp...

10.08.2021 09:02
12k+

Žan-Klod Wan Dammly uruşganly film görlen sany boýunça Netflix-de ilkinji 5-lige girdi

Netflix striming hyzmaty Žan-Klod Wan Dammyň baş keşbi janlandyrmagynda “Iň soňky hakyna tutma” uruşganly komediýasyny çykardy. Bu film striming hyzmatynyň öz reýtinginde birinji ýeri eýeledi diýip, newinform.com...

şu gün 10:34
531

Vogue 2025-nji ýylyň iň ýaraşykly stili bolan adamlaryny atlandyrdy

Vogue amerikan neşiri ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň gowy geýnen adamlarynyň sanawyny hödürledi. Atlaryň sanawy we iň gowy obrazlaryň suratlary žurnalyň saýtynda ýerleşdirildi. Reýtinge moda, kino, aýdym-saz, syýasat we işewürlik pudagyndan 50 töweregi şahsyýet girdi...

10.12.2025 12:02
6k+

Levi's brendi Eýnşteýniň meşhur kurtkasyny täzeden dikeltdi

Levi's Vintage Clothing brendi fizik Albert Eýnşteýniň geýen meşhur deri kurtkasynyň çäkli seriýasyny görkezdi. Menlo Cossack diýlip atlandyrylan bu modelden jemi 800 sany öndürildi. Hypebeast-iň habar bermegine görä, olaryň her biri elde belgilenendir...