Türkmenistanyň Garaşsyzlyk toýuna ýadygärlik şaýy pullar çykaryldy

  • 26.09.2021 22:38
  • 19k+

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy.  Singapur Respublikasynyň «Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan täze şaýy pullar Türkmenistanda döredilýän özboluşly ýyl ýazgynyň gymmatlyklarynyň üstüni ýetirer.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynda Ýer şaryndan we onuň aşagynda ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilinden ybarat bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň nyşany ýerleşdirildi. Ýer şarynyň merkezinde döwletimiziň parlap duran Döwlet tugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy şekillendirilip, olaryň arasynda derek agajynyň şekili, Ýer şarynyň ýokarky böleginde bolsa ýaşyl reňk bilen syrçalanan Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen «TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY» diýlen ýazgy, aşaky böleginde iki sany zeýtun baldaklary ýazgy bilen, zeýtun baldaklarynyň arasynda kiçijik sekizburçly nagyşlar ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirildi, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY» diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň gymmatyny görkezýän «ÝÜZ MANAT» diýlen ýazgy şekillendirildi. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulda Au 916,7, kümüş pulda Ag 925), sag tarapynda — agramy (altyn pulda 39,94 gr, kümüş pulda 28,28 gr) görkezildi. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünendir.

Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm. bolup, olara goşulýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň güwänamasy şaýy pullaryň «pruf» hilini kepillendirýär.


düýn 01:36
4.6k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.1k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7.1k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....