Bloomberg dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawyny hödürledi

  • 24.09.2021 14:13
  • 8.3k+

Bloomberg-iň wersiýasy boýunça, 2021-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawynda birinji orny dünýäde iň uly lomaý we ownuk söwda tory bolan Walmart-a eýeçilik edýän Uolmart maşgalasy eýeledi. Onuň baýlygy 238,2 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, ren.tv habar berýär. Bu maşgalanyň dünýäde 10 müňden gowrak dükanynyň bardygy we kompaniýanyň girdejisiniň 559 mlrd dollara barabardygy bellenilýär. 

Agentligiň belläp geçmegine görä, Walmart-yň üstünligi Arkanzasdan bolan amerikalylary Jeff Bezosdan we Ilon Maskdan hem baý etdi. Liderleriň üçlügine konditer önümlerini öndüriji Mars kompaniýasyna eýeçilik edýän Mars maşgalasy we Koch Industries nebithimiýa korporasiýasynyň eýesi bolan Koh maşgalasy hem girdi. Mars maşgalasynyň baýlygy 141,9 mlrd dollara (+$39,2 mlrd) deň. Koh maşgalasy ondan, takmynan, 20 mlrd dollar ($124,4 mlrd) yza galýar. 

Şeýle-de, onluga baýlygy 116 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan, Hermes moda öýüniň eýesi Erme we Saud Arabystanynyň patyşa maşgalasy Al Saud ($100 mlrd) girdi. Olaryň yzyndan Hindistanyň Reliance Industries nebit holdinginiň eýesi Ambani ($93,7 mlrd), Chanel moda öýüniň eýesi Werthaýmerler ($61,8 mlrd), Fidelity Investments amerikan kompaniýasynyň eýesi Jonsonlar ($61,2 mlrd), Thomson Reuters habarlar agentliginiň eýesi Tomsonlar ($61,1 mlrd) we Boehringer Ingelheim nemes farmkompaniýasynyň eýesi Býoringerler maşgalasy ($59,2 mlrd) gelýär. 

Reýtingde jemi 25 maşgala görkezilýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, olaryň umumy baýlygy 1,7 trillion dollara deň, bu bolsa geçen ýyldakydan 22 göterim köpdür. 

şu gün 19:06
250

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

düýn 11:22
4k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....

12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......