Xiaomi her ýyl täze elektrikli awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär

  • 19.09.2021 08:10
  • 6.3k+

Ýaňy-ýakynda, Xiaomi-niň öz elektrikli ulaglaryny satuwa çykarmak boýunça meýilnamalary belli boldy. Indi hytaýly kompaniýanyň täze işewürlik ugry barada täze maglumatlar peýda boldy. Bu barada msn.com habar berdi.

"36 krypton" çeşmesiniň maglumatlaryna görä, Xiaomi geljekki awtoulag biznesine gaty hyjuwly çemeleşýär. Şeýlelik bilen, hytaýly internet-insaýderleriniň pikiriçe, bu tehnologiýa ägirdi her ýyl bir täze elektrikli awtoulag modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Munuň özi janköýerleriň arasynda gyzgyn seslenme döretmek bilen bir hatarda, satuwyň ilkinji üç ýylynda kompaniýanyň, takmynan, 900,000 awtoulag satmagyna kömek eder diýlip garaşylýar.

Häzirki wagtda “Xiaomi Auto” awtoulag öndürmek baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde üçünji tarap kompaniýalaryny satyn alýar. Diňe awtonom sürüjilik tehnologiýalarynyň ösüşi bilen baglanyşykly “Deepmotion”-y satyn almagyň özi üçin Xiaomi, takmynan, 80 million dollar sarp etmeli boldy.


13.05.2026 23:24
3k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

13.05.2026 23:03
1.8k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

12.05.2026 19:02
1.6k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

12.05.2026 14:52
2.2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....