Türkmen Lideri Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasyny makullady

Türkmen Lideri Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasyny makullady

Häzirki wagtda Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümetiň sanly ulgam arkaly 16-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň şu ýylyň 29-njy ýanwarynda gol çeken Karary esasynda Aral deňziniň guramagy bilen baglanyşykly amatsyz täsirleri aradan aýyrmak üçin toplumlaýyn çäreler geçirmek maksady bilen, ýörite Pudagara topar döredildi. Onuň düzümine ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri girizildi.

Türkmenistanyň Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak hemişelik esasda hereket edýän bu toparyň mejlisleriniň gün tertibinde möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Häzir degişli teklipleriň we bellikleriň esasynda onuň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.

Sekiz bölümden ybarat bu resminama Aral sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hereketleriň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Olar milli derejede kabul ediler. Maksatnama ýurdumyzyň ýer we suw kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy ýagdaýlaryň täsirini nazara almak bilen, öňüni alyş çärelerini geçirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek, bioköpdürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Aral boýunça Milli maksatnamanyň hödürlenilen taslamasyny makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda degişli toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.